Owganystanyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-nde TOPH we beýleki bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşyny maslahatlaşdy

Owganystanyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-nde TOPH we beýleki bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşyny maslahatlaşdy

TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana demir ýol magistrallarynyň hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli ulgamlaryň gurluşygy ýaly bilelikdäki iri taslamalaryň ähmiýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen geçiren duşuşygynda agzalyp geçildi. Bu barada Türkmenistanyň daaşry syýasate edarasynyň saýty habar berýär.

Ilçi Han Wali Han Başarmal türkmen tarapyna Owganystana berilýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Türkmenistanyň Owganystany oňyn ulag-üstaşyr ulgamlarynyň döredilmegi arkaly halkara ykdysady integrasiýasyna çekmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berildi.

Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň işjeň gepleşikleriniň özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn itergi berýändigini nygtadylar.  Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenip geçildi.

Diplomatlar Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara hereketlerine hem-de sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Şeýle-de diplomatlar bilim, medeniýet ugurlary we ylmy alyş-çalyşlar boýunça durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Han Wali Han Başarmal özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. 

Öň habar berlişi ýaly, geljek ýylda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde gurluşyk işleri başlanar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993