Eni-niň türkmen nebitini satyn almak boýunça bäsleşiginde SOCAR Trading ýeňiji boldy

Eni-niň türkmen nebitini satyn almak boýunça bäsleşiginde SOCAR Trading ýeňiji boldy

“SOCAR Trading” Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň golçur kärhanasy “Eni Turkmenistan” tarapyndan öndürilen türkmen nebitini satyn almak boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada Argus Media habar berýär.

Bäsleşigiň netijesinde “SOCAR Trading” kompaniýasy “ENOC”, “Vitol’, “Rosneft”, “Lukoil” we “Trafigura” ýaly iri kompaniýalardan öňe saýlandy.

“SOCAR Trading” 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanda “Vitol” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan nebit söwdasyny özüniň iş ugurlarynyň arasyna geçirdi.

Geçirilen üýtgeşmeler, esasan, Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit ugry boýunça daşalýan çig malyň mukdarynyň artmagyna, şeýle hem Mahaçkala we Noworossiýsk arkaly üpjünçiligiň degişli derejede azalmagyna getirip biler.

Maglumata görä, “Eni Turkmenistan” 2021-nji ýylda Ekerem ýatagyndan alynjak  nebitiň aýda 30-40 müň tonnasyny eksporta ibermegi meýilleşdirýär. Ýanwar-noýabr aýlarynda bu nebitiň Türkmenistandan eksporty 341 müň tonna çenli ýokarlandy, geçen ýyl bu görkeziji 310 müň tonna deň boldy. Bu möçberleriň ählisi tankerler arkaly Mahaçkala ugradylýar, ondan soňra Noworossiýke iberilýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993