2020-nji ýylyň başyndan bäri, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) 441,2 müň tonnadan gowrak çig maly gaýtadan işledi, şol bir wagtda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114,8%-e deň boldy.
Şu ýylyň on bir aýynda SNGIZ-de 224,8 müň tonna benzin, 124,2 müň tonna dizel ýangyjy we 29,9 müň tonna ýol bitumy hem-de nebit önümleriniň beýleki görnüşleri öndürildi. Öndürilen nebit önümleriniň aglana bölegi eksporta iberildi.