JBIC ýapon banky Türkmenistanda täze iri taslamalary durmuş geçirmeklige gatnaşmaga taýýar

JBIC ýapon banky Türkmenistanda täze iri taslamalary durmuş geçirmeklige gatnaşmaga taýýar

Ýaponiýanyň maliýa düzümleri Türkmenistanda maýa goýum işjeňligini dowam etmäge gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygynda bellenildi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depginini nygtadylar. Döwletara gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ýardam edýän iki ýurduň baştutanlarynyň işjeň gepleşikleri bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi hem-de Türkmenistanyň çägindäki iri möçberli taslamalaryň, şol sanda Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynyň, Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawodynyň hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawodynyň durmuşa geçirilmegine ýapon tarapynyň gatnaşandygy barada aýdyldy. Şeýle-de ýapon hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtalyp geçildi.

Mundan başga-da, taraplar dowam edýän taslamalar bilen bir hatarda gazhimiýa, ulag we oba hojalyk ugurlary boýunça geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy barada gürrüň edip, taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasyndaky infrastruktura ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamanyň ähmiýetini belläp geçdiler.

Hyzmatdaşlygyň indiki tapgyrlary barada işjeň pikir alşyldy. Ýapon tarapynyň häzirki zaman ýagdaýlaryny nazara almak bilen Türkmenistanda maýa goýum hereketlerini amala aşyrmaga bolan gyzyklanmasy beýan edildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993