Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwary iş güni däl diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permana 30-njy dekabrda gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama «ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen» kabul edildi.
Resminama laýyklykda, Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara üpjün etmek tabşyryldy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýaşaýjylary Täze ýyly baýram edip, üç günläp, 1-inden 3-nji ýanwara çenli dynç alyp bilerler.