Prezident: 2020-nji ýylyň jemleri boýunça JIÖ-niň 5,9% artmagyna garaşylýar

Prezident: 2020-nji ýylyň jemleri boýunça JIÖ-niň 5,9% artmagyna garaşylýar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen çarşenbe güni Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda 2020-nji ýylyň gysgaça jemleri jemlenildi.

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenen ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda müdimilik galjak 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmändigi bellenildi.

Ýylyň jemini jemläp, Döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläris diýip nygtady. Bu bolsa, gazanylan netijeleri jemlemegiň hem-de geçilen ýola ser salmagyň döwri bolar. Halkymyz üçin örän möhüm bolan bu senäni anyk işler we täze taslamalary amala aşyrmak bilen belläp geçeris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, häzirki döwürde ýurdumyzda umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, milli Liderimiz umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan 45 sany iri desganyň şu ýyl işe girizilendigini habar berdi.

Şu ýyl ýurdumyzda umumy meýdany 2 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi.

Umuman, 2020-nji ýyl hemmeler üçin örän kynçylykly boldy, syýasy we ykdysady babatda dürli ýaramaz wakalar köp bolup geçdi diýip bellenildi. Ýöne, muňa garamazdan, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň gowy, ýagny 5,9% derejede bolmagyna garaşylýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993