«Malaý» känindäki gazkompressor bekedi ulanyşa girizmäge taýýar edilýär

«Malaý» känindäki gazkompressor bekedi ulanyşa girizmäge taýýar edilýär

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem paýtagtymyzyň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda 4-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda halkara ähmiýetli birnäçe infrastruktura desgalaryny ulanyşa girizmäge taýýarlamak meseleleri maslahatlaşyldy.

Ulanyşa girizmäge taýýar edilen desgalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Malaý gaz känindäki gazkompressor desgasy, Akina-Andhoý demir ýol şahasy, Ymamnazar-Akina, Mary welaýatyndaky Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçiriji ulgamlary bar.

Döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen ähli desgalaryň ulanyşa girizilmegi mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Belläp geçsek, Malaý käninde gazkompressor bekedini gurmak boýunça taslamany «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda «Petro Gas LLP» britan kompaniýasy amala aşyrdy. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çekdi. Onuň kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr gaza barabardyr.

Malaý — Türkmenistanyň iri gaz känleriniň biri bolup, bu ýerde ençeme ýyllardan bäri tebigy gazy netijeli çykarmak işi alnyp barylýar. Türkmenistan — Hytaý döwletara gaz geçirijisine «mawy ýangyjy» ibermek işi hem hut şu känden amala aşyrylýar.

Bu infrastruktura desgasyny gurmak boýunça «Türkmengaz» DK bilen «Petro Gas LLP» kompaniýasynyň arasynda şertnama türkmen tebigy gazynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen baglaşyldy. Täze gazkompressor desgasynyň ulanyşa girizilmegi «mawy ýangyjyň» eksport möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993