SOCAR Trading Petronas kompaniýasynyň Türkmenistandan çykarjak nebitini satyn alar

SOCAR Trading Petronas kompaniýasynyň Türkmenistandan çykarjak nebitini satyn alar

Ýakyn iki ýylyň dowamynda SOCAR Trading (Azerbaýjan) kompaniýasy Türkmenistanda Önümi paýlaşmak hakynda Şertnamanyň şertlerinde iş alyp barýan Petronas kompaniýasyndan iki million tonna nebit satyn alar.

Azerbaýjan kompaniýasy Petronas-yň Gyýanly nebit ýataklaryndan çykarylýan nebit çig malyny satyn almak boýunça bäsleşiginde ýeňiji boldy. Şertnama iki ýyl möhlet bilen baglaşyldy we möhletini uzaltmak mümkinçiligine eýe boldy, diýip Trend agentligi habar berýär.

Öň, SOCAR Trading şeýle hem Eni Turkmenistan kompaniýasynyň 2021-nji ýylda Ekerem käninden çykaryljak 500 müň tonna nebit çig malyny satyn almak bäsleşiginde hem ýeňiji bolupdy.

Türkmen nebitiniň satyn alynýan möçberlerini Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi boýunça ugratmak meýilleşdirilýär. Munuň özi, hünärmenleriň çaklamasyna görä, bu nebit ugry boýunça iberilýän çig mallaryň möçberleriniň artmagyna getirer.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993