Mary welaýatynyň ilatynyň gaz bilen üpjünçiligi

Mary welaýatynyň ilatynyň gaz bilen üpjünçiligi

Täze, 2021-nji ýylyň öňüsyrasynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Mary welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri «Watan» daýhan birleşiginiň ilatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça işleri tamamladylar.

Bu ýerden uzynlygy 10 müň 468 metr bolan gaz geçiriji çekildi. Ýokary basyşly halkalaýyn gaz geçirijä gaz berýän esasy çeşme bolup «Şatlyk» gazpaýlaýjy bekedi hyzmat edýär.

Gaz geçirijileriň gurluşygynda metal turbalar bilen bir hatarda 225 we 315 mm diametrli ýerli önümçilikdäki polietilen turbalar peýdalanyldy. Olar ygtybarlylygy we ýokary hili bilen tapawutlanýar.

2020-nji ýylyň başyndan bäri Mary welaýatynyň çäginde gazçylar şeýle hem tehniki barlag işlerini, gaz enjamlarynyň abatlaýyş we gaz geçirijileriniň hem-de gaz ulgamlarynyň düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirdiler.

Sarp edijileri tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek hem-de gaz üpjünçilik ulgamlaryny howpsuz ulanmak boýunça wezipeleriniň gazçylar tarapyndan ýokary derejeli ýerine ýetirilmegi sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagna möhüm goşant bolup durýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993