Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen Malaý gaz gysyjy desgasynyň ulanyşa girizilmegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen Malaý gaz gysyjy desgasynyň ulanyşa girizilmegini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň geçiren duşuşygynda Malaý gaz ýatagynda ýakynda işe giriziljek täze gaz gysyjy desgasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi - Türkmenistandan Hytaýa “mawy ýangyjy” akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşen iri Malaý gaz ýatagyndan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energetika çig malynyň milliardlarça kub metri baryp gowuşýar.

Ýakynda bu ýerde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan Malaý gaz gysyjy desgasy dabaraly ýagdaýda işe giriziler. Ol çep kenardan iki sany kommunikasiýa ulgamy boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäge akdyryljak türkmen tebigy gazynyň eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993