Türkmenistan — iň arzan benzini bolan ýurtlaryň onlugynda

Türkmenistan — iň arzan benzini bolan ýurtlaryň onlugynda

2020-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan dünýäde iň arzan benzini bolan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi, diýip GlobalPetrolPrices.com saýty habar berýär.

Biziň ýurdumyzda A-95 kysymly benziniň 1 litriniň bahasy 1,5 manat (0,428 amerikan dollary). Şeýlelikde, Türkmenistan GDA döwletleriniň arasynda Gazagystandan (0,405 dollar) soň ikinji ýerde, dünýäde bolsa onunjy ýerde ýerleşýär.

GlobalPetrolPrices.com portalynyň neşir eden sanawyna görä, dünýäde iň arzan benzin Wenesuelada — 1 litri 0,02 dollar. Ikinji ýerde — Eýran (0,058 dollar), üçünji ýerde — Angola (0,243 dollar».

Iň gymmat benzin Gonkongda satylýar. Ol ýerde 1 litr benziniň bahasy 2,339 dollar.

Tutuş dünýä boýunça benziniň ortaça bahasy 1,05 dollardyr.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993