Ýakynda Krasnodar ülkesiniň (RF) Ust-Labinsk şäherinde polipropilenden önümleri öndürýän täze zawod işe girizildi. Kärhananyň çig maly hökmünde Türkmenistandan getirilýän polimer şarjagazlary çykyş edýär.
Zawod şekeri, uny, duzy, krahmaly, gury dökünleri we gurluşyk materiallaryny gaplamak üçin niýetlenen haltalaryň her ýylda 8,5 milliondan gowragyny öndürer. Mundan başga-da, zawod mellek-ekin işlerinde, jaýlary ýylylyk we gidro izolýasiýa bilen üpjün etmekde, binýat oturdylanda we desgalary wagtyndan öň poslamakdan goramakda ulanylýar, diýip livekuban.ru habar berýär.