«Türkmennebit» döwlet kärhanasynyň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebit we gaz çykarmak boýunça kärhanasyny ösdürmegiň strategiýasy täze uglewodorod serişdelerini gözlemeklige we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen känleri netijeli işläp taýýarlamaklyga gönükdirilendir.
2020-nji ýylda hereket edýän guýulardan 1 million 313 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy. Bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 % köpdür. Bellenilen döwürde 17 sany öndürijilikli guýy ulanyşa girizildi, 15-sinde gözleg işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Goturdepe käninde hem işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerden çykarylýan nebitiň möçberi günde 4 müň tonna barabardyr.
Nebit desgalarynyň ählisi iň häzirki zaman tehnologiýalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Nebiti çykarmak we taýýarlamak işini ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler amala aşyrýarlar.