«Demirgazyk Balguýuda» 2020-nji ýylda 1,7 mlrd kub metrden gowrak gaz çykaryldy

«Demirgazyk Balguýuda» 2020-nji ýylda 1,7 mlrd kub metrden gowrak gaz çykaryldy

«Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri Demirgazyk Balguýy önümçilik böleginde geçen ýylda ýokary zähmet görkezijilerini gazandylar.

2020-nji ýylda promyselde 1 mlrd 706,2 mln kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründen artykdyr. Gaz kondensatynyň çykarylyşy hem artyp, 43,3 müň tonna barabar boldy.

Bu görkezijiler Lebap welaýatynyň gaz çykaryşyny ösdürmek we senagat mümkinçiliklerini artdyrmak üçin esas bolup durýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993