Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Lebap welaýatynyň «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy bekediň ulanyşa girizilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Dabarany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow açdy.
Maslahatyň barşynda HNGU-nyň kafedra müdiri, professor N.Suwhanow, «Nebit we gaz» gazetiniň baş redaktory U.Ussaýew, şeýle hem ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň beýle wekilleri çykyş etdiler.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, gaz gysyjy desgasynyň ulanyşa girizmegi Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini has hem giňelder.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, bu gaz gysyjy desgasynyň işitürkmen tebigy gazynyň eksport möçberlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Dabaranyň barşynda şeýle hem «Türkmengaz» DK-nyň medeni merkeziniň döredijilik topary, sungat ussatlary, estrada aýdymçylary çykyş etdi.