«Türkmengaz» DK-nyň Marydaky nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2020-nji ýylda 1160 hünärmen taýýarlady

«Türkmengaz» DK-nyň Marydaky nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2020-nji ýylda 1160 hünärmen taýýarlady

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi ýurdumyzyň energetika pudagy üçin ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak boýunça möhüm merkezleriň biri bolup durýar. Geçen ýylda merkezdäki diňleýjileriň sany 1160-a ýetdi.

Ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak üçin bu ýerde amatly şertler döredildi. Okuw otaglarynyň ählisi iň häzirki zaman tehnikalar, enjamlar, interaktiw tagtalar hem-de kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr. Tejribeli mugallymlar hünärmenlere zerur bolan nazary bilimleri berýärler.

Bu ýerde oturdylan maketler okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu maketler «Galkynyş» känindäki guýularyň işlenip taýýarlanylyşy we tehnologiýalary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda ýerli bazarlarda polietilen turbalaryna bolan isleg barha artýar. Polietilen materiallaryndan taýýarlanylan turbageçirijileriň ýokary hilli guralmagy hem-de uzak ýyllar hyzmat etmegi üçin ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler zerurdyr.

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi polietilen turbalary kebşirlemek boýunça gysga wagtlyk hünär taýýarlyk okuwlaryny geçirýär. Öňdebaryjy hünärmenler diňleýjileri kebşirleme enjamlarynyň tehnologiýalary, birleşdiriji detallar bilen tanyşdyrýarlar.

Okuw we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak işleri ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hünär başarnyklaryny artdyrmakda ygtybarly goldaw bolup durýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993