Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda çykaran Permany bilen, Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Şahym Abdrahmanow

1963-nji ýylda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Ýagtyýol” geňeşliginde doguldy.

Ýokary bilimli. 1986-njy ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça — dag inžener-geology.

1986-njy ýylda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň nebit gözleg ekspedisiýasynyň inžener-tehniki gullugynyň geology bolup zähmet ýoluna başlady. 1987 — 2005-nji ýyllar aralygynda şu korporasiýada dürli wezipelerde işledi.

2005-2006-njy ýyllarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Ýaşyldepe” nebitgaz çykaryjy müdirliginiň baş geology bolup zähmet çekdi.

2006 — 2014-nji ýyllar aralygynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň başlygy, 2014 — 2017-nji ýyllarda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” müdirliginiň başlygy boldy.

2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy bolup işledi.

2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory.

“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993