«Türkmengeologiýa» DK täze guýularda buraw işlerini alyp barýar

«Türkmengeologiýa» DK täze guýularda buraw işlerini alyp barýar

Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda we desgalarynda işler giň gerimde alnyp barylýar. Şu günlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri «Malaý» käninden uzakda bolmadyk «Agarguýy» meýdançasynda № 5 guýusyny burawlamaga girişdiler. Guýynyň taslama çuňlugy 3300 metre deňdir.

Şeýle hem Uzynada käninde iki sany guýyny burawlamak işleri alnyp barylýar. 2020-nji ýylda geologlar tarapyndan 7000 metr çuňlukdan «mawy ýangyjyň» senagat akymy alyndy. Meýilnama 120% ýerine ýetirildi. Tebigy gazyň alnan akymy Uzynada känini işläp taýýarlamaklyga täze kompýuter tehnologiýalaryny çekmek we ony öwrenmek boýunça saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny tassyklaýar.

Häzirki zaman buraw desgalarynyň ornaşdyrylmagy diňe bir tebigy gazyň alynýan akymyny artdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, uly göwrümli işleri ýerine ýetirmekde gymmatly tejribe boldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993