Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed bilen 16-njy fewralda geçiren duşuşygynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Ilçi Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan –Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işini çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebit we halkara derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Şol gaz geçirijisi arkaly tebigy gaz Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletli iberiler.
Duşuşygyň barşynda diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy we Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini telefon arkaly maslahatlaşdy. Türkmen Lideri Pakistanyň Prezidentiniň ýardam we goldaw bermeginde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň pakistan bölegindäki çäginiň gurluşygyna tiz wagtda başlanjakdygyna ynam bildirdi.