Türkmenistanyň DIM-inde Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň DIM-inde Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

22-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ähli ugurlarda durmuşa geçirilmegi maksady bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi bellenildi. OMYH partiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň baştutanynyň goňşy doganlyk ýurtda parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, şeýle-de Owganystanyň hem-de onuň halkynyň durnukly ykdysady ösüş ýoluna utgaşdyrylmagy boýunça tagallalarynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.

Taraplar energetika, kommunikasiýa, ulag we beýleki ugurly taslamalaryň dessin durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny nygtadylar. Şunlukda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenistandan Owganystana täze demir ýollarynyň çekilmegi ýaly geljegi uly taslamalaryň öz wagtynda we talabalaýyk durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň we tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan has hem ösdürilmegine gönükdirilen iri möçberli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň derwaýys häsiýetini belläp geçdiler.

Türkmen tarapy parahatçylykly owganara gepleşikleriniň ilerledilmegi maksady bilen işjeň özara hereketleri dowam etmäge, şol sanda onuň geljekki tapgyrlarynyň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge taýýarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Gepleşikleriň barşynda taraplar tutuş sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy ugrunda degişli gurallaryň has hem güýçlendirilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993