Azerbaýjanyň Milli mejlisi (Parlament) 23-nji fewralda plenar mejlisinde «Dostluk» ýatagy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany tassyklady, diýip Interfaks – Azerbaýjan habar berýär.
Ýatlatsak, 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Azerbaýjan tarapynyň maglumatlaryna görä, bu ýatagyň nebit ätiýaçlyklary 50 mln tonna möçberinde bahalandyrylýar.