Türkiýe Türkmenistandan gaz ibermelerini we Ýewropa üstaşyr geçirmeleri üpjün etmegi wada edýär

Türkiýe Türkmenistandan gaz ibermelerini we Ýewropa üstaşyr geçirmeleri üpjün etmegi wada edýär

Ankara türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegini we öz çäginiň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek üçin tagallalary etmäge taýýar. Bu barada sişenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu aýtdy, diýip Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.

«Biz türkmen gazyny Türkiýä ibermek hem-de ony çägimiziň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna üstaşyr geçirmek üçin tagallalarymyzy etmäge taýýar. Şu mesele şu gün Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow bilen geçirilen duşuşykda maslahatlaşyldy. Ol şeýle hem şu gün Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen geçiriljek üçtaraplaýyn duşuşykda maslahatlaşylar» - diýip Çawuşoglu sişenbe güni Ankarada türkmen kärdeşi bilen bilelikdäki metbugat maslahatynda aýtdy.

Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Ankaranyň Hazardaky «Dostluk» ýatagyny işläp taýýarlamak boýunça azerbaýjan-türkmen Ähtnamasyna gol çekilmegini goldaýandygyny belledi.

«Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda bu resminama gol çekilmegine biz örän şatdyrys. Türkiýäniň kompaniýalary öz tarapyndan şu sebitde hem-de Hazar deňzinde işlemäge taýýar, bu barada men ministr Meredowa hem aýtdym» - diýip Çawuşoglu belledi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993