Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan üç ýurduň gatnaşmagynda geçiriljek sammitiň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekmegi meýilleşdirýär, diýip Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu azerbaýjan hem-de türkmen kärdeşleri Jeýhun Baýramow we Raşid Merdow bilen 24-nji fewralda Ankarada geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça žurnalistlere aýtdy. Bu barada Interfaks Azerbaýjan habar berýär.
«Şu ýylda Türkmenistanda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçiriler. Sammitiň barşynda biz birnäçe ylalaşyklara gol çekmegi meýilleşdirýäris. Şunuň bilen baglylykda, sammitiň anyk netijeler bilen tamamlanmagy üçin resminamalary ylalaşmak işini tizleşdirmek isleýäris» - diýip Çawuşoglu belledi.
Onuň şeýle hem belleýşi ýaly, üç ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň geçiren duşuşygynyň barşynda geljek bilen baglylykda birnäçe möhüm garaýyşlar we teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Indi biziň hünärmenlerimiz ileri tutulmagy boýunça şol teklipleriň sanawyny düzerler we şolardan durmuşa geçirip boljaklaryny bahalandyrarys» diýip ministr aýtdy.