ABŞ-nyň Hökümeti penşenbe güni Halkara ösüş agentliginiň (USAID) üsti bilen «USAID Merkezi Aziýanyň energetikasy» täze bäş ýyllyk energetika maksatnamasyny işe girizdi, diýip Interfaks-Gazagystan ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.
Maksatnamanyň býujeti 39 mln dollara barabar.
«Maksatnama Merkezi Aziýanyň bäş sany döwletine — Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana — ileri tutulýan milli energetiki maksatlaryna ýetmekde, energiýa serişdeleriniň serhetara söwdasyndan ykdysady bähbitleri almakda we giň gerimli sebit integrasiýasynyň hasabyna energiýa hopwsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmakda ýardam eder» - diýlip ilçihananyň habarynda aýdylýar.
Habar berlişi ýaly, täze maksatnamasynyň üsti bilen USAID sebitiň döwletleriniň hökümetlerine, kärhanalaryna we gyzyklanma bildirýän beýleki taraplara, şol sanda halkara guramalaryna we ösüş edaralaryna, ulgam operatorlaryna, ýerli we halkara maýadarlara we energetika kompaniýalaryna tehniki goldaw berer.
Taslamanyň çäklerinde USAID «ýerli hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, şeýle hem bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermek boýunça» ýerli we sebit hyzmatdaşlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eder, diýlip habarda aýdylýar.