TNGIZT-de kerosiniň önümçiligi artdyrylýar

TNGIZT-de kerosiniň önümçiligi artdyrylýar

2021-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 34 müň 857 tonna ýangyç kerosini öndürildi. Munuň özi önümçilik meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär.

Kärhananyň işgärleri şu günlerde aýratyn yhlas bilen zähmet çekýärler. Çünki bu ýerde ýangyç kerosini bellenilen meýilnamadan 111 tonna artyk öndürildi.

Nebiti gaýtadan işleýän döwrebap zawodyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýyly mynasyp zähmet üstünlikler bilen dabaralandyrýan işgärleri içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýan ýokary hilli ýangyçlyk kerosiniň önümçiligini dowamly artdyrýarlar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993