«Dagajyk» ýatagyndan nebitiň senagat akymy alyndy

«Dagajyk» ýatagyndan nebitiň senagat akymy alyndy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyna» laýyklykda, nebitçileriň hem-de gazçylaryň öňünde ony durmuşy geçirmek bilen bagly birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi.

Bu wezipäni üstünlik durmuşa geçirmek işine «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawçylary hem mynasyp goşant goşýarlar. Bu müdirlik döwlet konserniniň düzüminde öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýar.

«Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylyň başynda burawçylar iri Çeleken ýatagynyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşen «Dagajyk» ýatagyndaky № 654 belgili täze guýudan «gara altynyň» senagat akymyny aldylar.

Täze guýynyň taslama çuňlugy 1200 metre deň bolup, häzirki wagtda ol «Galkynyş» nebitgazçykaryş müdirliginiň işgärleriniň ygtyýaryna ulanyşa berildi.

Müdirligiň nebitçileri Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30-ýyllygyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinýärler. Olaryň zähmeti netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem ösmegi üçin zerur bolan senagat ähmiýetli nebit akymynyň ýüzlerçe tonnasyny çykararlar, diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993