Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 100,5 göterim, benzin öndürmek boýunça 105,9 göterim, dizel ýangyjy boýunça 102,3 göterim, polipropilen boýunça 103,3 göterim, çalgy ýaglary boýunça 104,6 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 110,2 göterim, “mawy ýangyjyň” eksporty boýunça 108,5 göterim ýerine ýetirilip, maýa goýumlaryny özleşdirmek 118,8 göterim berjaý edildi.
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan zerur kömegiň berilýändigine garamazdan, toplumyň pudaklarynda heniz oňyn öňegidişligiň ýokdugyny aýtdy.
«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem ähli pudak edaralary diýen ýaly meýilnama tabşyrygyny yzygiderli ýerine ýetirip bilmän gelýärler.
Döwlet Baştutany wise-premýere bu ýagdaýy düýpli seljerip, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin teklipleri bermegi tabşyrdy. Toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerini seljerip, gerek bolsa, ýaş, başarnykly, iş we ýurdumyz üçin ähli tagallalary edip, yhlasly işlejek täze ýolbaşçylary gözlemeli diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow degişli görkezmeleri berdi.