Türkmenistanyň Mary welaýatynda oba ýerleriň ilatly nokatlaryny gaz bilen üpjün etmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň başyndan bäri «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Mary welaýatynyň ilatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň gazçylarynyň tagallalary bilen uzynlygy 4074 metr bolan ýokary we orta basyşly gaz geçirijisi guruldy.
Mundan başga-da, hereket edýän gaz geçirijileri abatlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Bu işlerde ýokary jebisligi bilen tapawutlanýan we ýokary basyşa çydamly polietilen turbalary ulanylýar. «Tüekmenturba» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu önümi «Marygazüpjünçilik» müdirligine yzygiderli ýetirilýär.
Bu günki gün Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginde orta basyşly gaz geçirijini abatlamak boýunça işler öz wagtynda tamamlandy. Türkmengala etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň Hasyl obasynda orta basyşly getiriji gaz geçirijisiniň düýpli abatlaýyş işleri amala aşyryldy.
Häzirki wagtda Wekilbazar etrabynyň «Garaşsyzlyk» daýhan birleşiginiň çäginde ýokary basyşly gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu ýerde oturdylan turbalaryň diametri 315 mm, uzynlygy 2000 metre ýetýär. Gurluşyk meýdançasynda döwrebap gurluşyk tehnikalary ulanylýar, gurluşyk işlerine öz işini ýokary derejede we bellenilen möhletde ýerine ýetirýän tejribeli gurluşykçylar we gazçylar gatnaşýar.