Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde 30-njy oktýabrda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen lideri Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň we gepleşikleriň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berýändigini belledi.

Rejep Taýyp Ärdogan çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Baştutany Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň ýokary derejede geçirilendigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow bilen Rejep Taýyp Ärdogan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Nebitgaz №43
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№43

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 27-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993