Türkmenistanyň Prezidenti TDG-niň ýurtlaryna ykdysadyýetiň birnäçe pudagynda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti TDG-niň ýurtlaryna ykdysadyýetiň birnäçe pudagynda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Türkiýede geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitinde çykyş etdi diýip, TDH habar berýär.

Çykyşynda döwlet Baştutany türki döwletleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigine üns çekdi.

«Guramanyň işiniň netijeli bolmagy, ilkinji nobatda, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen anyk başlangyçlaryň we özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr» diýip, Serdar Berdimuhamedow TDG-niň Türkiýede geçirilen sammitinde çykyş edip aýtdy.

«Türki döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Olary netijeli peýdalanmak üçin energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, gaýtadan işleýän pudaklarda we ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek zerur» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

«Şol bir wagtda, özara maýa goýumlaryny höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

«Ýurtlarymyzyň Merkezi Aziýadaky amatly geografik ýerleşişi Hazar sebitini, Günorta Kawkazy, Gara deňiz sebitini, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

«Bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak maksady bilen, Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagy zerur hasaplaýarys. Munuň üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ulanmaga gönükdirmäge taýýardyrys» diýip, Serdar Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Baştutany şeýle hem ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň, halkara ýük daşamalaryň şertlerini kämilleşdirmegiň, gümrük amallaryny yzygiderli ýeňilleşdirmegiň we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

«Bulardan başga-da, üstaşyr geçelgeleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, logistika amallaryny utgaşdyrmak we ýükleriň geçirilmegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça tagallalarymyzy birleşdirmegi makul görýärin» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Nebitgaz №43
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№43

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 27-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993