2021-nji ýylda nebite bolan isleg 5,5 mln b/g çenli dikelip, ätiýaçyklar aşaklap biler

2021-nji ýylda nebite bolan isleg 5,5 mln b/g çenli dikelip, ätiýaçyklar aşaklap biler

Nebite bolan isleg 2021-nji ýylda 5,5 mln b/g dikelip biler, diýip RF-iň wise-premýeri Aleksandr Nowak belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda nebit bazary has durnukly ýagdaýda saklanýar. Bu belli bir derejede OPEC+ ylalaşygynyň netijesinde hem gazanyldy. Isleg yzygiderli dikelýär. Geçen ýyl bu görkeziji tutuş dünýäde 20-22 mln b/g çenli aşak düşdi. Häzirki wagta çenli ol 15-17 mln b/g çenli dikeldildi. Şu ýyl biz islegiň umumy ýokarlanmagynyň 5,5 mln b/g dikelmegine garaşýarys. Çökgünlikden öňki derejä çenli doly dikelmek ýagdaýynyň 2022-nji ýylda gazanylmagyna garaşylýar – diýip Nowak belledi.

«Nebit bazarynda häzirki wagtda ýetmezçilik bar, bu bolsa toplanan ätiýaçlyklary azaltmaga mümkinçilik berýär. Biz eýýäm şu ýylda nebit ätiýaçlyklarynyň bäş ýyldaky ortaça derejesine çenli aşaklamagyna garaşýarys» diýip Nowak aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993