Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň kärhanalary «GDA—30 ýyl» ykdysady forumynyň çäklerinde 11-12-nji martda geçirilýän GDA-nyň EKSPO onlaýn-sergisine gatnaşýarlar. Bu forum gurama agza döwletleriň işewür wekillerini jemledi. Bu bolsa önümleri Arkalaşygyň çäklerinde öňe sürmäge we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär.
Türkmen tarapyndan sergä Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Döwlet haryt-çig mal biržasy. Aşgabat we Türkmenbaşy dokma toplumlary we beýlekiler gatnaşýar.
Prezentasiýalar bilen bir hatarda onlaýn meýdançasynda wirtual gepleşikler göz öňünde tutulýar. Şular ýaly duşuşyklar Türkmenbaşy dokma toplumynyň, TDHÇMB-niň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň wekilleri bilen meýilleşdirilýär. Forumyň işewür gün tertibine — Arkalaşygyň döwletleriniň öndürijileri bilen telekeçileriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek durýar.
GDA-EKSPO sergisi Arkalaşygyň döwletlerinden ygtybarly hem geljegi uly wekillerini birleşdirer.