«LUKOÝL» nebit kompaniýasy Türkmenistandaky wekilini belledi

«LUKOÝL» nebit kompaniýasy Türkmenistandaky wekilini belledi

«LUKOÝL Özbegistan Opereýting Kompani» OOO-nyň Baş direktory Stepan Guržiý şol bir wagtda «LUKOÝL» AGPJ-niň prezidentiniň Türkmenistandaky, Azerbaýjandaky, Gazagystandaky we Özbegistandaky wekili edilip bellenildi. BU barada rus kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Maglumata görä, «LUKOÝL» AGPJ degişli karary kabul etdi.

«LUKOÝL» AGPJ-niň prezidentiniň funksional wezipeleri «LUKOÝL» toparynyň düzümleriniň agzalyp geçilen ýurtlardaky özara gatnaşyklaryny kämilleşdirmekligi göz öňünde tutýar» diýlip HBS üçin habarda aýdylýar.

Belläp geçsek, «LUKOÝL» nebit kompaniýasy Hazar deňzindäki «Dostluk» türkmen-azerbaýjan nebit ýatagyny işläp taýýarlamaklyga gatnaşmak meýli barada beýan etdi. Bu barada ylalaşyklar 2021-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kompaniýanyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen duşuşygynda gazanyldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993