Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
Şol sanda, «Lukoýl» nebit kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Hususan-da, kompaniýanyň Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagyny işläp taýýarlamaga we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligi maslahatlaşyldy.
Belläp geçsek, «Dostluk» ýatagyny bilelikde öwrenmek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň Aşgabada iş saparynyň çäginde 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda gol çekildi.
Azerbaýjanyň Parlamenti bu Ähtnamany şu ýylyň fewralynda, Türkmenistanyň Mejlisi bolsa bu resminamany şu ýylyň martynda tassyklady.
2021-nji ýylyň fewralynda «Lukoýl» rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygynda ätiýaçlyk gory 50 mln tonna nebit möçberinde bahalandyrylýan «Dostluk» ýatagyny öwrenmek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak isleýändigi barada beýan etdi.