Gyrgyzystanyň Energetika ministrligi tebigy gaz almak boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ministr Kubanyçbek Turdubaýew Žogorku Keneşiň (Parlamentiň) geňeşiniň ýangyç-energetika toplumy we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak boýunça mejlisinde beýan etdi, diýip 24.kg habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, gaz elektrik energiýasynyň sarp edilişini azaltmak üçin zerur.
«Müşderiler üçin gazyň bahasyny arzanlatmak üçin, biz ony has arzan bahadan almagy meýilleşdirýäris. Biz Özbegistan bilen gepleşikleri geçirýäris we bu meseläni Türkmenistan bilen hem maslahatlaşmagy meýilleşdirýäris» — diýip, Turdubaýew munuň üçin tehniki mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Mundan öň, şu ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygynyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde bellenildi.