Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny ýakynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi.

Bu gaznany döretmek hakynda Karara şu ýylyň 29-njy martynda gol çekildi. Bu resminama ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany ilki bolup bu gazna serişde goýjakdygyny belläpdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ejize hossarlyk etmegi göwnünde besleýän ildeşlerimiziň hem öz halal gazanjyndan hossarlyk gaznasyna serişde geçirip biljekdiklerini aýtdy.

Bu resminamanyň esasynda şol günüň özünde milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary açyldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993