Mary we Lebap welaýatlarynyň gaz geçirijilerine ygtybarly ideg edilýär

Mary we Lebap welaýatlarynyň gaz geçirijilerine ygtybarly ideg edilýär

Häzirki wagtda «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleri Mary we Lebap welaýatynyň çäklerinde umumy uzynlygy 2808 km bolan magistral gaz geçirijilerine, şeýle hem 77 sany gaz paýlaýjy beketlere we 15 sany gaz sazlaýjy desgalara ideg edýärler.

Gazçylar içerki gaz geçirijileriň we gaz ulanyjy enjamlaryň doly tehniki idegi bilen birlikde gaz geçirijileriniň, öýlerdäki gazyp sarp edilişini ölçeýän şahsy enjamlaryň tehniki ýagdaýyny barlaýarlar.

2021-nji ýylyň iki aýynda sarp edijilere 5 mlrd 313 mln 287 müň kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Häzirki wagtda ýokary basyşly gaz geçirijilerinden bir günde 91 mln 597 müň kub metr tebigy gaz akdyrylýar.

Gaz paýlaýjy beketlerde gözegçiligiň we tebigy gazyň hasabynyň sanly ulgamy peýdalanylýar. Hasaplamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy sarp edilen tebigy gazyň möçberini anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993