Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Geňeşmeleriniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Agzalan ugur boýunça özara hereketleriň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, taraplar ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary gurnamak boýunça ylalaşdylar.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň derejesine baha berdiler hem-de energiýa, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga seretdiler. Işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikdäki çäreleri, sergileri we forumlary guramagyň derwaýyslygy nygtaldy.
Şeýle-de sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň hem-de «Hazar deňzi — Gara deňzi» halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi we şunuň bilen baglylykda, agzalan geçelgeleri durmuşa geçirmekde Eýranyň gatnaşmagynyň ýollaryna seredildi.