2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim ýokarlandy. Bu barada geçen anna güni şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow habar berdi.
Ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumatlaryna laýyklykda, önümçilik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,2 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy boýunça görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,7 göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri geçen ýyldakydan 10,5 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 4,1 milliard manada deň boldy. Şeýlelikde, jemi içerki önümiň ösüşi 17,1 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi 11,1 göterime deň boldy. Üç aýda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 48,2 göterimi önümçilik, 51,8 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.