«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri ýakynda Türkmenistanyň we Kataryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen onlaýn-duşuşyga gatnaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşyga türkmen tarapyndan Dokma senagaty ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Katar tarapyndan hem birnäçe kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn işewür duşuşyklary we «tegelek stollary» geçirmäge taýýarlyk meselelerini, şeýle hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasynda hemişelik esasda işewür gepleşikleri geçirip durmak kararyna geldiler.