Gurbanguly Berdimuhamedow: ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine oňyn depgin bermek zerur

Gurbanguly Berdimuhamedow: ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine oňyn depgin bermek zerur

Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri hem-de Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde nebiti we gaz kondensaty çykarmak, nebiti gaýtadan işlemek boýunça gazanylan görkezijiler barada habar berildi.

Prezident hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda henize çenli öňegidişligiň duýulmaýandygyny, nebitgaz çig malynyň çykarylýan möçberiniň artdyrylmaýandygyny, çykarylýan çig nebitiň ýarysynyň bolsa eksporta iberilýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde hem ozal tabşyryk berlendigine garamazdan, indi köp wagt bäri nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatynyň diňe 40 göterimi ulanylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek işlerine az üns berilýär, Hazar deňzindäki nebitgaz ýataklary özleşdirilmeýär. Çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça işler hem haýal alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmagyň zerurdygyny hem nygtady. Tebigy gazy eksport etmekde beýleki halkara taslamalar boýunça işleri has depginli alyp barmak möhümdir.

Prezident wise-premýeriň hem-de onuň gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylarynyň işlerine nägilelik bildirip, bu ýagdaýy çalt seljerip, bar bolan kemçilikleri düzetmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993