«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň №5 gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekedini «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmäge niýetlenilen gaz geçirijisiniň gurluşygyna başladylar.
Uzynlygy 125 km bolan ýokary basyşly gaz geçiriji Üçajy gaz ýatagyndan Çärjew etrabyna çenli çekiler.
Gaz magistralynyň gurluşygynda ýokary hilli turbalar ulanylýar. Ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin iň häzirki zaman tehnologiýalar we enjamlar peýdalanylýar.
Şu gaz geçiriji arkaly Lebapda gurulýan döwrebap gazturbinaly beket elektrik energiýasynyň önümçiligi üçin zerur bolan tebigy gaz bilen durnukly üpjün ediler.