«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary netijeler bilen dabaralandyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň burawçylary «Demirgazyk Goturdepe» ýatagynda iki sany nebit guýusynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar.
«Goturdepe» buraw müdirliginiň işgärleri «Demirgazyk Goturdepe» ýatagynda ýerleşen № 318 guýusynda we «Ekerem» müdirliginiň işgärleri № 362 guýusynda «gara altynyň» senagat akymyny aldylar. Tehniki-sazlaýyş işlerinden soň guýular nebitçilere ulanmaga tabşyryldy.