TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky Konsepsiýa gol çekildi

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky Konsepsiýa gol çekildi

Türkmenistanyň we Owganystanyň resmi wekilleri geçen hepde geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygy üpjün etmek baradaky Howpsuzlyk Konsepsiýasyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bu resminama «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwlet konserninden wekili M.Amanowyň we Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekildi.  

Duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir alşyldy.  Taraplar iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň görkezmesi esasynda 2021-nji ýylyň awgust aýynyň soňunda geçirmegi meýilleşdirilýän çäreleriň dabaraly geçirilmegi üçin degişli işleriň alnyp barylmagy barada nygtadylar.

E.Ebad bu Konsepsiýa TOPH gaz geçiriji taslamasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňde duran işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine, şol sanda Kabul ediji tarapyň Hökümeti bilen Ylalaşygyň (HGA) goşundylary bolan Howpsuzlyk meýilnamasynyň we teswirnamasynyň işlenip taýýarlanmagyna uly ýeňillik döretjekdigi nygtaldy.

Nebitgaz №46
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№46

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 17-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993