Haldor Topsоe — Halkara nebitgaz maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri

Haldor Topsоe — Halkara nebitgaz maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri

Daniýanyň Haldor Topsoe kompaniýasy 12-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek ýurduň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri bolar.

Kompaniýa tarapyndan işlenip düzülen TIGAS tehnologiýasy esasynda Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde Tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod guruldy. 2019-njy ýylyň iýun aýynda ulanylmaga berlen bu toplum, EURO-5 standartyna laýyk gelýän 600 müň tonna ekologiýa taýdan arassa sintetik ECO-93 benzini, şeýle hem ugurdaş önümlerden 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz, şeýle hem 12 müň tonna düzüminde kükürt bolmadyk dizel ýangyjyny öndürmek üçin niýetlenendir.

Gazbenzin ulanylanda 50 esse az kükürt, 3,5 esse az benzol, beýleki ysly uglewodorodlar 20% az bolup, daşky gurşawa zyýanly gazlaryň ýaýramagyny ep-esli azaldyp biler.

Owadandepdäki GTG zawody halkara guramalarynyň birnäçe şahadatnamalary bilen sylaglanyldy, şol sanda «Guinness World Records» kompaniýasynyň «Tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawod» Şahadatnamasy, ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak gaznasyndan «Ekologiýa taýdan arassa» Şahadatnamasy, Şweýsar federal tehnologiýa institutynyň «Innowaion tehnologiýalar» Şahadatnamasy bilen sylaglanyldy.

Ýakynda geçiriljek forumda Haldor Topsoe-nyň wekili "Uglewodorod monetizasiýasy pudagyndaky maýa goýum taslamalary - geljege göz aýlamak" atly sessiýada çykyş etmegi we kompaniýanyň Türkmenistandaky we dünýädäki taslamalary barada gürleşmegi meýilleşdirýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993