Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Halkara maýa goýum forumy 12-nji maýda başlanar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Halkara maýa goýum forumy 12-nji maýda başlanar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň öz işine başlamagyna bir günden az wagt galdy. Forum 12-nji maýda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, TAPI Pipeline Company Limited forumyň guramaçylary bolup çykyş edýär.

«Turkmen Forum» Hojalyk Jemgyýeti Gaffney Cline kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çäräniň bilelikdäki guramaçylary bolup çykyş edýär.

Garaşylyşy ýaly, forumyň işine 500 töweregi wekil gatnaşar, şol sanda onlaýn görnüşdäki gatnaşyjylar bar. Çärä gatnaşmak üçin 40-dan gowrak ýurtdan 200-den gowrak kompaniýa arza berdi.

Bu iri pudaklaýyn çärä ençeme ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalarynyň top-menejerleri, şeýle hem halkara we milli maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forum Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeklige, sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmeklige gönükdirilendir. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmeklige we sebitiň energetika howpsuzlygyny berkitmeklige gönükdirilendir.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993