Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Sugany Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikda aýdyldy.

Türkmen Lideri häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi.

Milli energetika ulgamynda möhüm hasaplanylýan bu desga ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna itergi bermek bilen, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini aňladýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Türkmen Lideri Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara ykdysady gatnaşyklar strategik, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýe boldy.

Premýer-ministr Ýosihide Suga türkmen Liderine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi we oňyn başlangyçlary öňe sürýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda köp sanly taslamalaryň, şol sanda döwrebap nebitgaz we gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy boýunça möhüm taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň netijesidir.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993