Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurtlaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýokary baha we aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşmagynda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy aýdyň mysal hökmünde görkezildi.
Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe tarapyndan gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigini, sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ägirt uly goşant boljakdygyny nygtadylar.