Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy desgasy gurulýar. Onuň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Prezident hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn geljekde TNGIZT-de täze tehnologik desgalaryň birnäçesini gurmak meýilleşdirildi, şunuň bilen baglylykda, nebithimiýa toplumyna ugradylýan çig nebitiň möçberlerini artdyrmaga, sebitiň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň çykarýan önümlerini ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmegini üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidir diýip belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Häzirki wagtda TNGIZT-de nebit tankerlerine hyzmat etmek üçin iki sany nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasy hereket edýär.