«Türkmengaz» «Трубной Металлургической Компании» (RF) we «GAZPROM Schweiz AG» (Şweýsariýa) kompaniýalaryndan turbalary satyn alar

«Türkmengaz» «Трубной Металлургической Компании» (RF) we «GAZPROM Schweiz AG» (Şweýsariýa) kompaniýalaryndan turbalary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin zerur bolan dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň «Трубная Металлургическая Компания» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «GAZPROM Schweiz AG» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bu barada wise-premýer Ş.Abdrahmanow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda belledi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygyny zerur bolan turba önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993